Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Owganystandan, Özbegistandan, Gruziýadan we BAE-den gelen telekeçiler «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi, «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit bitumyny we awiakerosini satyn aldylar. Şeýle-de, Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan, žakkard sütükli önümler hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen portland sementi satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 454 müň 375 dollaryna deň boldy. Manat serişdesine Türkiýeden gelen işewürler Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen, jemi bahasy 780 müň manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar