«Galkynyşda» ýene-de bir guýy önümçilige girizildi

5 Dekabr 2022
89

Ýurdumyzda giňden toýlanyljak goşa baýramçylygyň — Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň öň ýanynda gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känindäki 60-njy ulanyş guýusy agyz ýakasynyň gurluşyk-gurnama işleri üstünlikli ýerine ýetirilip, önümçilige girizildi.

Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň awgust aýynda Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda «Galkynyş» gaz käninde bolup, bu ýerdäki aýratyn çylşyrymly häsiýeti bilen tapawutlanýan täze ulanyş guýularynyň üçüsiniň gurluşygyna ak pata berdi. Guýulary burawlamak «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň nebitgaz korporasiýasynyň CNPC kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda hytaýly hünärmenlere ynanyldy.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,
«Nebit-gaz».