Gaz senagatynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşigi tebigy gaz çykaryjy kärhanalardan alynýan «mawy ýangyjy» ýokary basyşly gaz geçirijiler arkaly ähli welaýatlarymyza we Aşgabat şäherine akdyrmakda möhüm wezipäni amala aşyrýar.
Häzirki wagtda tebigy gaz bilen Ahal welaýatyny we Aşgabat şäherini «Türkmengazakdyryş» birleşigi, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryny birleşigiň düzümleri bolan, degişlilikde, «Günbatargazakdyryş», «Daşoguzgazakdyryş», «Gündogargazakdyryş» müdirlikleri bökdençsiz üpjün edýär. Birleşigiň işgärleri, hünärmenleri müňlerçe kilometr ýokary basyşly gaz geçirijileriň, olaryň ugrundaky gaz gysyjy, gaz paýlaýjy desgalaryň we beýleki köp sanly beketleriň ygtybarly, bökdençsiz, saz we üznüksiz işlemegini gazanýarlar. Güýz-gyş pasyllarynda olaryň işiniň jogapkärliligi hasam artýar. Bilşimiz ýaly, bu möwsümlerde tebigy gazyň sarp edilişi ýokarydyr. Hut şol sebäpli hem bökdençlik ýüze çykmaz ýaly, wagtly-wagtynda abatlaýyş işleri geçirilýär. Hatardan çykan enjamlar bejerilýär ýa-da çalşyrylýar. Gaz geçirijileriň, elektrohimiki gorag gullugynyň, gözegçilik-ölçeg enjamlarynyň we beýleki ululy-kiçili desgalaryň hemişe saz işlemegi birleşikde ýokary depgini saklamaga mümkinçilik berýär.