Türkmenistan halkara gatnawlarynda Konteýner otlulary hakynda ylalaşyga goşular

5 Dekabr 2022
73

Türkmenistan halkara gatnawlarynda konteýnerli otlularyň düzüminde konteýnerleri daşamak hakynda ylalaşyga goşulmagy maksat edinýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni  hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berdi.

Onuň sözlerine görä, “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan onuň düzümleýin bölüminiň – “Demir ýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistanyň üstünden geçýän halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, ýurduň çäklerinden konteýnerleriň daşalyşynyň möçberini artdyrmak, şeýle hem has oňaýly nyrhlary we logistika ulgamlaryny döretmek maksady bilen, ýokarda agzalan ylalaşyga goşulmagyň mümkinçilikleri öwrenildi.