Birža täzelikleri

5 Dekabr 2022
108

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit ýol bitumyny, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar.

(TDH)