Salam — köňül kelamy

4 Dekabr 2022
84

«7/24. tm», № 49 (132)

Ähli pursatda ata-babalarymyzyň peder pentlerinden ugur alyp gelýän halkymyz asyrlarboýy tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşy dowam edýär. Salamlaşmak edebine hem tebigatyň kanuny hökmünde garasak bolar. Bu diňe bir tebigatyň kanuny däl-de, eýsem halkymyzyň medeniýetini, ahlak kadalaryny açyp görkezýän durmuş hakykatydyr. Türkmençilikde salamlaşmak däbi müňýyllyklaryň dowamyndan bäri ýitirilmän, milli röwüşde berjaý edilip gelinýär. Taryhyň haýsy döwrüne ser salanymyzda hem salamlaşmak edebiniň hiç haçan ünsden düşürilmändiginiň şaýady bolýarys. Ata-babalarymyzyň ýagşy niýet bilen täze dogan Aýy alnyna sylyp, saba-säherde dogýan Güne, akar suwa salam berendiklerine halk döredijilik eserlerini okanyňda hem duş gelmek bolýar. Sylag-sarpany diňe bir adamlaryň arasyndaky gatnaşykda saklamak bilen çäklenmedik türkmen halky tebigat, janly-jandar bilenem jebis bolmaklygy ündäpdir.