Döwlet býujeti: baş maksat — halkyň abadan durmuşy

2 Dekabr 2022
90

23-nji noýabrda «Watan» habarlar gepleşiginde berlen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisini synlap, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäniň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir ýola aýdyň şaýady bolduk. Mejlise Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edip: «Biziň alyp barýan ähli işlerimiz eziz Watanymyzy ösdürmäge, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir» diýip jaýdar belledi. Bu bolsa demokratik ýörelgeleriň dabaralanýan ýurdunda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda öňde goýlan belent maksatlaryň we amala aşyrylýan özgertmeleriň her biriniň diňe halkyň bähbidini nazarlaýandygyny alamatlandyrýan hakykatdyr.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň giňişleýin düzümde geçirilen mejlisiniň gün tertibinde esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanuny boldy. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ata Watanymyzyň ösüşiniň täze tapgyry bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ählitaraplaýyn ösdürmekde Döwlet býujetiniň orny örän uludyr. Halk Maslahatynyň Başlygy bu babatda pikirini beýan edip, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyny kabul etmezden öň býujetiň esasy maddalaryny ýene-de bir gezek düýpli seljermegiň we döwrüň talaplaryna kybaplaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Jumamyrat GUTLYÝEW,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň maliýe we ykdysadyýet bölüminiň hünärmeni.