«Döwlet diňe halky bilen döwletdir!»

1 Dekabr 2022
108

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ösüşiň milli, pudaklaýyn we sebit maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Munuň üçin ýurdumyz boýunça makroykdysady görkezijiler yzygiderli seljerilýär, geljek döwür üçin anyk maksatnamalar düzülýär. Bu işler Döwlet býujeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 23-nji noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisiniň tutuşlygyna «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanuny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanmagy bolsa bu hukuk resminamasynyň kabul edilmeginden ozal, býujetiň esasy maddalaryny ýene-de bir gezek düýpli seljermegiň we olary döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň zerurlygy bilen şertlendirilendir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen ýurdumyzda býujet işini kämilleşdirmek boýunça döwlet topary döredildi. Mundan başga-da, Türkmenistanda 2022 — 2028-nji ýyllar aralygynda býujet ulgamynda özgertmeleri geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Şol resminamalaryň esasynda ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyny — 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp taýýarlamak boýunça kesgitli çäreler geçirildi. Ýöne ony taýýarlamak boýunça ýeterlik işler geçirildimi? Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan teklip edilen bu resminama ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipelere laýyk gelýärmi, onda döwletimizi ösdürmek we adamlaryň abadançylygyny gowulandyrmak boýunça işleri doly we bökdençsiz maliýe taýdan üpjün etmegiň soraglary göz öňünde tutuldymy, bu işleri kämilleşdirmek boýunça ýene-de näme etmeli? Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde, ine, hut şu meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belläp, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi.