«7/24. tm», № 48 (131), 27.11.2022
Watanyň ösüşleri hakynda söz açylanda, seriňe hemişe buýsançly pikirler dolýar. Ilkinji nobatda hem, döwletliligimizi aňladýan mukaddes nyşanlar —Baýdak, Tugra, Döwlet Senasy, şeýle hem halkara gatnaşyklarynda döwletimize mahsus aýratynlygymyz – hemişelik Bitaraplygymyz biz üçin buýsanç bulagynyň gözbaşydyr. Baky Bitaraplygymyz hem edil Garaşsyzlygymyz bilen barabar mukaddes gymmatlykdyr.