«7/24. tm», № 48 (131), 27.11.2022
Güýzüň soňky günlerini iş-güýç bilen başagaý bolup ýaşap ýörşümize, bu jadyly paslyň kem-kemden özgerden tebigatynyň, görüp otursak, düýbünden üýtgändigini duýman galypdyrys. Bütin töwerek sap-sary. Ynsanyň gözi üýtgeşmeler kem-kemden bolanda duýmaýaram ekeni. Ýeriň ýüzünde güýzüň agaçlarynyň altyn şaýlary ýazylyp ýatyr. Ýiti bolmasa-da, belli bir wagtdaky Günüň gyzgynlygyna gurap, bir täsin görnüşe giren ýapraklar hakyt saç düwme ýaly şemal öwsende ýeriň üstünde süýşüp, şygyrdap sesem edýär. Şahyr aýtmyşlaýyn: