«7/24. tm», № 48 (131), 27.11.2022
2022-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Gruziýada sportuň nyşana ýaý atmak görnüşi boýunça Ýewraziýanyň açyk gran-pri ýaryşy geçirildi. Şol ýaryşda türkmenistanly türgenler 8 medal gazandylar. Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda gazanylan bu ýeňiş türkmen türgenleriniň ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Biz hem bu bäsleşige gatnaşyp, bürünç medal eýelän Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby Kowsär ABBASOWA bilen söhbetdeş bolduk. Nakgaşçylyk bilen bir hatarda sportuň ýaý atyjylyk görnüşiniň başarjaň ussady iki sungaty utgaşdyrmagynyň sebäbini soranymyzda şeýle gürrüň berdi.