Olimpiýa üstünliklerine tarap

25 Noýabr 2022
45

Bu gün sportuň ähli görnüşleri boýunça milli mekdeplerimiz iň uly üstünliklere sary ynamly barýar. Türkmenistanly türgen Polina Gurýewanyň Tokioda geçen tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna eýe bolmagy bu hakykaty ýene bir ýola tassyklady. Indi bolsa türgenlerimize şeýle möhüm synaglaryň ýene biri – 2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek nobatdaky tomusky Olimpiýa oýunlary garaşýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerini dörtýyllygyň iň uly sport baýramyna taýýarlamakda uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri beýleki ministrliklerdir pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa hem-de XVII Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň bu halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy, milli ýygyndy toparlary toplumlaýyn esasda taýýarlamak boýunça taýýarlanan maksatnamany hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.

Jennet PURMYRADOWA,
«Aşgabat» köpugurly stadionynyň direktorynyň orunbasary.