Bedenterbiýe we sport

25 Noýabr 2022
64

Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň beden we ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda uly tagallalary edýär. Şunda bedenterbiýä we sporta wajyp orun degişlidir. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzalary hem şol tagallalara mynasyp goşant goşmak ugrunda zähmet çekýärler. Şu maksat bilen, sport mekdeplerinde türgenleşýän ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ündeýän wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şeýle hem baýramçylyklardyr şanly seneler mynasybetli dürli görnüşler boýunça sport ýaryşlary guralýar. Olara ýaş türgenler bilen birlikde orta mekdepleriň okuwçylary hem uly höwes bilen gatnaşýarlar.

Habibulla MYRATDURDYÝEW,