Sagdynlyk, ruhubelentlik, kämillik

25 Noýabr 2022
54

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda türgenlerimiz halkara ýaryşlarda ençeme ýeňişleri gazandylar. Şol ýeňişlere ýurdumyzyň sport mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar hem mynasyp goşant goşdular. Gazetimiziň geçen sanlarynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde hem-de «Olimp» orta sport mekdebinde bilim alýan ýaş türgenleriň durmuşy baradaky makalalarymyzy okyjylarymyza ýetirdik. Bu gezek bolsa biz Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda myhmançylykda bolduk.

Gadymy döwürlerden bäri gujur-gaýratly ýigitleri hem-de ussat pälwanlary bilen adygan Gökdepe etrabynda häzirki döwürde beden we ruhy taýdan kämilligiň gözbaşy bolan sport örän meşhurdyr. Biz muňa etrabyň Babarap obasynda ýerleşýän Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda bolanymyzda ýene bir gezek göz ýetirdik. Bu ýere gelenimizde okuwçy-türgenleriň bir bölegi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap sport toplumynda guralan sport mekdep-internatynyň dzýudo boýunça birinjiliginiň baýraklary ugrunda bäsleşýärdiler. Ýaş türgenleriň düşekçede görkezýän emelleri olaryň kämillige gol berýändigini görkezse, olara janköýerlik etmäge gelen tomaşaçylaryň şowhuny etrapda sporta bolan gyzyklanmanyň ýokarydygyny tassyklaýardy.

Ahmet GELDIÝEW,
«Türkmen sporty».