Yhlasymyzyň miwesi

25 Noýabr 2022
52

Eziz Diýarymyzda sporty ösdürmegiň ýolunda ädilýän ähmiýetli ädimler ulgamyň gadam goýýan taryhy menzilleriniň möhüm tapgyryny emele getirýär. Watanymyzyň sport mekdeplerinde döredilýän giň şert-mümkinçilikler bolsa şeýle ädimleriň üstüni ýetirýär. Kämil türgenleri ýetişdirmekde uly işleri alyp barýan sport mekdepleriniň biri-de Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebidir.

Sport mekdebimizde ýaş nesilleriň okuwdan boş wagtlary sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy, öz saýlap alan ugurlaryndan kämilleşmegi üçin döwrebap şertleriň ählisi döredilendir. Mekdebimizde sportuň 7 görnüşi boýunça tälim berlip, ugurlaryň ählisinden ussat tälimçiler halypalyk edýärler. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Alai Niýazmeňliýew hem Watanymyza şan getiren türgenleriň ençemesini ýetişdiren ussat halypalaryň biridir. Onuň tälim beren ýaşlaryndan Muhammet Kössekowyň gazanan üstünligi sambo boýunça milli mekdebimiziň taryhyny iň ýokary netijeleriň biri hökmünde bezedi. Ol 11–13-nji noýabr aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen sambo boýunça 47-nji dünýä çempionatynda 64 kilogram agram derejesinde çykyş edip, altyn medala eýe boldy. Milli sportumyzyň senenamasyna möhüm waka hökmünde giren ýeňiş diňe türkmen türgeniniň dünýä çempiony diýen belent derejä eýe bolmagyny aňlatman, sambo boýunça milli mekdebimiziň 27 ýyldan soň erkekleriň arasynda şeýle netijä ýetendigi hakyndaky hakykatyň bellige alynmagyna sebäp boldy. Munuň özi diýseň guwandyryjy wakadyr.

Keman ATAMYRADOW,
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebiniň müdiri.