Welaýatlardan habarlar

25 Noýabr 2022
227

Watansöýüji, sagdyn, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmek häzirki zaman jemgyýetiniň öňünde durýan derwaýys wezipedir. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, Bäherden etrabynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň hem-de orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylaryň arasynda wagyz-ündew işleri ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle çärelerde merdana ata-babalarymyzyň halallyk, agzybirlik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp häsiýetleriniň bu günki ýaşlara görüm-görelde bolmalydygy barada giňişleýin düşündirilýär. Şeýle hem Arkadagly Serdarymyzyň türkmen ýaşlarynyň bagtyýar geljegi ugrundaky tagallalarynyň ähmiýeti barada anyk mysallar arkaly düşündiriş işleri geçilýär. Wagyz-nesihat duşuşyklarynda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri aýdylýar.

Ylýas NURYÝEW,