Talyp bäsleşikleri

25 Noýabr 2022
185

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilýän «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII Uniwersiadanyň çäklerindäki woleýbol ýaryşy Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary üçin üstünlikli boldy. Asylly däbe öwrülen talyplaryň sport baýramynyň woleýbol duşuşyklary örän çekeleşikli häsiýetde geçdi.

Ýokary okuw mekdeplerinde sportuň olimpiýa görnüşlerini ýaýbaňlandyrmak we ýaşlarymyzy halkara ýaryşlara taýýarlamak maksady bilen geçirilýän Uniwersiadanyň woleýbol boýunça bäsleşiklerinde talyp türgenler ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sport» topary toparçada birinji orny eýelemegi başardy. Ýarymfinalda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň topary bilen geçirilen çekeleşikli duşuşykda institutymyzyň topary üstün çykdy – 3:2.