Käte sportda şeýle bir üýtgeşik pursatlar bolýar welin, olar hakydaňda ornaşyp, hiç mahal ýadyňdan çykmaýar. Şeýle pursatlar gaýtalananda bolsa düýbünden başgaça bolýan eken. Ýarym asyrdan geçýän hünär ýolumyň dowamynda iri halkara ýaryşlaryň ençemesinde, şol sanda 2004-nji ýylda Afinyda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň boks boýunça bäsleşiklerinde eminlik etmegiň miýesser edendigine garamazdan, ýakynda paýtagtymyzda guralan ýaryşyň duşuşyklarynyň biri ömrümiň iň ýatdan çykmajak pursatlaryny janlandyrdy. Şonda 46 ýyl mundan ozal Moskwada bolan waka ýadyma düşüp, sportuň ajaýyplygyna ýene bir gezek göz ýetirdim.
10 – 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň boks zalynda 2010-2011-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda ýaryş guraldy. Oňa Aşgabadyň dürli sport mekdeplerine wekilçilik edýän ýaş boksçylaryň 83-si gatnaşdy.