Spartakiadanyň çäklerinde

25 Noýabr 2022
106

«Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly XII Spartakiadanyň çäklerinde biziň etrabymyzda hem «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň guramagynda ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Şu günler ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak, erjel türgenleri ýüze çykarmak maksady bilen etrabymyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçy oglan-gyzlarynyň arasynda sportuň ýeňil atletika, kiçi futbol, woleýbol, basketbol, gandbol, küşt we stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça ýaryşlar guralýar. Orta mekdepleriň okuwçy oglanlarynyň arasynda sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryşa-da türgenlerimiz işjeň gatnaşdylar. Ýaryşyň dowamynda etrabymyzyň ähli orta mekdepleriniň oglanlaryndan düzülen toparlar öz aralarynda bäsleşdiler. Ýaryşyň netijeleri boýunça etrabymyzdaky 20-nji, 21-nji we 30-njy orta mekdepleriniň türgenleri degişli baýrakly orunlaryň eýeleri boldular.

Ýeňiji bolan toparlara hem-de tapawutlanan okuwçylara «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň Diplomlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmämiziň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Mähri KADYROWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň hünärmeni.