Tennis boýunça erkekleriň arasyndaky möwsümiň jemleýji ýaryşy «ATP Finals»-da serbiýaly Nowak Jokowiç çempion boldy. Italiýanyň Turin şäherinde geçirilen ýaryşyň finalynda Jokowiç bilen norwegiýaly Kasper Ruud duşuşdy. Duşuşygyň 1-nji setinde 7:5, 2-nji setinde-de 6:3 hasabynda ýeňiş gazanan Jokowiç bu ýaryşdaky 6-njy çempionlygyny gazandy. Mundan öň 2008-nji, 2012-nji, 2013-nji, 2014-nji hem-de 2015-nji ýyllarda-da çempion bolup, ol bu ugurda Rojer Federeriň rekordyna şärik boldy. Şeýle-de, Jokowiç ähli duşuşykda ýeňiş gazanyp, mümkin bolan iň ýokary pul baýragy – 4 million 740 müň 300 dollar bilen sylaglandy. 35 ýaşyndaky tennisçi bu ýaryşda çempionlyk gazanan iň ýaşuly tennisçi hökmünde hasaba alyndy. 53-nji gezek geçirilen «ATP Finals» ýaryşy onuň şu möwsümde çempionlyk gazanan 5-nji bäsleşigi boldy. Bu onuň karýerasyndaky 91-nji ATP kubogydyr.