Gandbol boýunça zenanlaryň arasynda Sloweniýa, Garadag hem-de Demirgazyk Makedoniýada geçirilen 15-nji Ýewropa çempionatynda Norwegiýanyň ýygyndysy ýeňiş gazandy. Olar Sloweniýanyň paýtagty Lýublýanada oýnalan finalda Daniýany 27:25 hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda Norwegiýanyň ýyldyz oýunçysy Mork 8 gol geçirip, toparynyň ýeňiş gazanmagyna uly goşant goşdy. Daniýanyň düzüminde Burgoryň geçiren 6 goly ýeňşe ýeterlik bolmady. Şeýlelikde, Norwegiýanyň zenanlar ýygyndysy bassyr 2-nji, umumylykda-da 15-nji gezek geçirilen çempionatyň 9-synda çempion bolmagy başardy (1998, 2004, 2006, 2008, 2010, 2014, 2016, 2020, 2022). 3 çempionlygy bilen Norwegiýadan soň 2-nji ýerde barýan Daniýanyň ýygyndysy 3-nji gezek finalda asgyn geldi. Olar mundan öňem 2 gezek Norwegiýadan utulypdylar.
Bürünç medal ugrundaky duşuşykda 2012-nji ýylyň çempiony Garadag 2018-nji ýylyň çempiony Fransiýany goşmaça wagtda 27:25 ýeňip, ilkinji gezek 3-nji orna mynasyp boldy.