Super ýyldyz Kristiano Ronaldo dünýä futbolynyň üns merkezinde galmagyny dowam edýär. Ol Katar 2022 Dünýä Kubogynyň başlamagyna az wagt galanda, «The Sun» gazetine beren beýanaty bilen ýene bir ýola ähli kişiniň ünsüni özüne jemläpdi. Ol şol beýanatynda kluby, tälimçisi, klubuň ýolbaşçylary hakynda käbir beýanatlar beripdi. Şondan soň kluby bilen arasyndaky tow hasam güýçlendi. Netijede-de, garaşylýan waka boldy. Ýagny dünýäniň super ýyldyzy Kristiano Ronaldo mundan soň «Mançester Ýunaýtediň» futbolçysy däl. Bu barada klub tarapyndan berlen beýanatda «Mançester Ýunaýted» bilen Kristiano Ronaldonyň arasyndaky şertnamanyň iki tarapyň razylygy boýunça ýatyrylandygy mälim edildi. Beýanatda futbolça mundan soňky durmuşynda uly üstünlikler arzuw edilip, oýunçynyň «Ýunaýtedde» umumylykda 346 oýunda 145 gol geçirendigi bellenildi. Beýanatyň ahyrynda-da «Ýunaýteddäki» ähli kişiniň tälimçi Erik Ten Hagyň ýolbaşçylygynda klubuň şowly netijeler gazanmagy üçin bilelikde öňe ymtylýandygy aýratyn nygtaldy.
Bu aýralykdan soň Ronaldo: «Täze başdan geçirmelere gadam basmagyň dogry wagty. Mançester Ýunaýtedi we janköýerleri gowy görýärin. Bu hemişe-de şeýle bolar. Klub bilen geçirilen gepleşiklerden soň iki tarapyň hem islegi boýunça şertnamamyzy ýatyrdyk. Kluba gelejekde-de uly üstünlikler arzuw edýärin» diýip, beýanat bilen çykyş etdi.