«7/24. tm», № 47 (130), 20.11.2022
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga, ynanyşmaga esaslanýan daşary syýasaty türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda täze döwre badalga berdi. Dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, ýurtlaryň we halklaryň arasynda emele gelen ikitaraplaýyn tagallalara we şahsy ynanyşmak gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir. Türkmenistan we Özbegistan gadymy we täsin medeniýetleriň mirasdüşerleri bolmak bilen, umumadamzat gymmatlygynyň aýrylmaz bölegi bolan taryhy-arheologik ýadygärliklere aýawly garamak babatda hyzmatdaşlyk edýärler.