«7/24. tm», № 47 (130), 20.11.2022
Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyna gatnaşyjylar Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikler toplumyna zyýarat etdiler. Mälim bolşy ýaly, festiwala gatnaşyjylaryň düzüminde iki doganlyk halkyň medeniýet we sungat ussatlary, ýazyjydyr şahyrlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Bu ýerde iki doganlyk halkyň wekillerini türkmen däbine mahsus duz-çörekli garşyladylar.