«7/24. tm», № 47 (130), 20.11.2022
Ýurdumyz 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 17-den 27-si aralygynda «Ilat ýazuwy – 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek» atly şygary bilen ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmäge taýýarlanýar. Ilat ýazuwynyň netijesinde ilatyň sanyndan başga onuň demografiki aýratynlyklary (jynsy, ýaşy, maşgala ýagdaýy), geografiki aýratynlyklary (doglan ýeri, häzirki ýaşaýan ýeri, ýaşaýan ýeriniň üýtgemegi); bilim derejesi, etno-medeni aýratynlyklary (raýatlygy, ene dilini we beýleki dilleri bilmek), ykdysady aýratynlyklary (eklenç çeşmesi, iş gözlemek), ilatyň saglyk ýagdaýy we ýaşaýyş şertleri barada maglumat ýygnalýar. Ilat ýazuwynyň netijeleri toparlaýyn görnüşde görkeziler. Ilat ýazuwy azyndan 10 ýylda bir gezek geçirilýär. Jemgyýetiň düzümindäki üýtgeşmeleri yzarlamaga mümkinçilik berýän ilatyň sany we aýratynlyklary barada iň täze maglumatlary almak üçin zerurdyr. Her ýazuwyň netijesi, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin maksatnamalary işläp düzmekde maglumat binýady bolup durýar.