«7/24. tm», № 47 (130), 20.11.2022
Italýan banklarynyň biri Osmanly döwleti bilen bagly aýtgyny ulanyp, «Biziň ofislerimizde hiç haçan Gün batmaýar» diýen jümläni şygar edinipdir. Katarda başlanan futbol boýunça dünýä çempionaty hem janköýerleriň aňynda täze düşünje bilen orun aldy. Sebäbi indi bir aýlap janköýerler hatda italýan bankynda bolsalar hem (Italiýanyň häzirki dünýä çempionatyna gatnaşyp bilmeýändigi janköýerlerde ýakymsyz duýgy oýarman durmaýar) Gün batanyny we Gün doganyny duýmasalar gerek.