Türkmenistanda Hasyl toýy bellenildi

13 Noýabr 2022
79

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylynda berekediň hem-de bolçulygyň baýramy bolan Hasyl toýy bilen Türkmenistan Watanymyzda uly dabara bilen bellenilip gecildi. Gözel Diýarymyzda Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilmegi biziň her birimizi çuňňur buýsanja besleýär. Çünki bu baýram türkmen halkynyň rysgal-berekediniň, saçaklarymyzyň dolulygynyň, bolçulygyň özboluşly dabaralanmasydyr.