Aşgabatda maglumat tehnologiýalary boýunça «TürkmenTel — 2022» halkara sergisi geçirildi

13 Noýabr 2022
111

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022

10-11-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Türkmen işläp düzüjileriniň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryndaky gazanan üstünliklerini görkezmek üçin geçirilýän bu forum Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar ageniginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde gurnaldy.