«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022
Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy duşuşygynda Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin türki dünýäsiniň paýtagty diýlip yglan edildi. Bu barada TÜRKSOÝ web sahypasynda çap edilen duşuşygyň jemleýji Jarnamasynda aýdylýar.