«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek maksady bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky bedenterbiýe mugallymlary bilen birnäçe maslahatlary geçirmegi meýilleşdirdi. Şeýle maslahatlaryň biri 4-nji noýabrda Aşgabat şäherinde, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirildi. Oňa Aşgabat şäheriniň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň bedenterbiýe mugallymlary gatnaşdylar.