Çüwen bagtyň kelamy sen, Aşgabat!

13 Noýabr 2022
225

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan döwletimiziň ýüregi Aşgabat şäherimiz günsaýyn gözelliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýylyň dört paslynda älemgoşar öwüşginli gülleri, ajaýyp seýilgähleri bilen göwünleri ganatlandyrýan merjen şäherimiz halkymyzyň ak bagtynyň beýany bolup durýar. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň at-owazasy bütin dünýä ýaň salyp, görenleri haýrana goýýar.