«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022
Täze jaýa göçüp gelenlerine kän wagt geçmedigem bolsa, Mergen eýýäm töweregiň oglanlarynyň birnäçesi bilen edil dostlaşmasa-da, tanşyp ýetişipdi. Dostlaşyp gidibermeýäniniň sebäbi – Mergeniň häsiýeti gödegräk. Üstesine-de, juda öwünjeň. Öwnende-de ýapa degrenok. Çala tanşyp, bir zadyň gürrüňi edilip ugralýar welin, ol hem «Aý, ony men gaty gowy bilýän», «Ony men bireýýäm gördüm», «Mende olar ýaly zat kän, isleseňiz, görkezibem biljek» diýen ýaly sözlerine birbada çagajyklaryň köpüsi ynanardylar. Ýöne soňy yzarlanyberse, aýdýanlarynyň aňyrsynyň boşdugy aýan bolup duransoň, soňabaka oňa üns berýänleriň sany azaldy.