Ykdysady durnuklylygyň nyşany

6 Noýabr 2022
112

«7/24. tm», № 45 (128), 07.11.2022

1993-nji ýylyň 1-nji noýabry — milli manadyň dolanyşyga girizilen senesi Türkmenistanyň ýylýazgysyna döredijilikli özgertmeler eýýamynda Watanymyzyň täze ykbalyna taryhy gün hökmünde girdi. Manat türkmen döwletliliginiň, ykdysady durnuklylygyň nyşanyna we ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ugrukdyryjy guralyna öwrüldi. Şu ýyllaryň dowamynda ykdysady syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň maliýe-karz, býujet, salgyt, maliýe, baha ugruny emele getirýän we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bazar gatnaşyklaryna geçmegiň milli usuly işlenip taýýarlanyldy.

Pälwan ANNALYÝEW,
Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.