«7/24. tm», № 45 (128), 07.11.2022
Söz hakda ýazýan mahalyň sözi bolşundan beter keşdelejek bolmaga, megerem, zerurlyk ýokdur?! Ol söz ahyry. Şol bir durkunda agyzdan çykyp, şol durky bilenem gulaga däl, ýürege ýetýär. Ynsan gulagy bilen diňlese-de, ýüregi bilen kabul edýär. Ýürekde orun alan söz bolsa ynsany asman şalygyna soltan eder. Sebäbi owal-ahyrda bu barlygyň özi SÖZDEN ýaradylandyr.