«7/24. tm», № 45 (128), 07.11.2022
Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Bu mümkinçiliklerden peýdalanýan ýaşlar dürli ugurlarda öz zehinlerini açyp görkezýärler. Şeýle ýaşlaryň biri hem «Altyn Asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynda ýaýlyma goýberilýän «Zehinli ýaşlar» gepleşiginiň alypbaryjysy, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Teatr sungaty fakultetiniň Aktýorçylyk sungaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ýunus Allanazarow. Ýunus öz yhlasy we zehini bilen deň-duşlaryndan saýlanyp, özüni ykrar etdirmegiň hötdesinden geldi. «Zehinli ýaşlar» gepleşiginiň üsti bilen diňe bir hünärmenleriň zehinini däl, eýsem, öz zehinini hem açyp başarýar. Muňa zehin bäsleşiginiň tomaşaçylary şaýat bolsa gerek. Biz hem Ýunus bilen söhbetdeş bolup, onuň başarnyklary dogrusynda giňişleýin gürrüňleri okyjylaryň dykgatyna ýetirýäris.