Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti

30 Oktýabr 2022
175

«7/24. tm», № 44 (127), 31.10. 2022

2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi işini bes edip, onuň binýadynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti döredildi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hakynda Düzgünnama hem-de onuň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklandy.

www.msy.gov.tm