«7/24. tm», № 44 (127), 31.10. 2022
Ata Watanymyzyň ähli pudaklarynda sazlaşykly ösüş gazanylmagynda döredilýän giň mümkinçilikler bilen bir hatarda türkmen halkynyň gadymdan gelýän, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen mukaddesliklerimiz has-da şöhratlandyrylýar. Şonuň netijesinde «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylda ata Watanymyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy giň gerim bilen bellenilip geçildi.