«7/24. tm», № 44 (127), 31.10. 2022
Özbegistan Respublikasynyň Kokant şäheriniň 2022-nji ýylda «Türki dünýäniň jahankeşdelik paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde «Kokant türki fotosuratçylaryň obýektiwinde» diýen at bilen türki döwletlerden we synçy döwletlerden fotosuratçylaryň tanyşlyk syýahaty geçirildi. Şäheriň «Türki dünýäniň jahankeşdelik paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly guralmagy meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda bu döredijilik forumy uly orna eýe. Ol türki döwletlerden hem-de synçy döwletlerden bolan fotosuratçylaryň Kokandyň taryhy ýadygärliklerini, şu günki gözel künjeklerini fotoşekilleriň üsti bilen wagyz etmek maksadyndan ugur alýar.