Türkmen göreşi

30 Oktýabr 2022
158

«7/24. tm», № 44 (127), 31.10. 2022

Müň­ýyl­lyk­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş al­ýan türk­men gö­re­şi ede­bi mi­ra­sy­my­zyň dür­dä­ne eser­le­ri­niň süň­ňü­ne si­ňip, öz be­ýa­ny­ny ta­pyp­dyr. Türk­men hal­ky­nyň geç­mi­şin­den, kö­kü­ni asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan mil­li gö­re­şi­miz bi­çak uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup­dyr. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne biz ede­bi mi­ras­y­my­za ser sa­la­ny­myz­da hem göz ýe­tir­ýä­ris. Hal­ky­my­zyň geç­mi­şin­de en­çe asyr­la­ryň do­wa­myn­da dil­den-di­le ge­çip, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze gelip ýe­ten, türk­men hal­ky­nyň geç­mi­şi­ni, edim-gy­ly­my­ny şöh­le­len­dir­ýän «Gö­rog­ly» şa­des­sa­ny­ny oka­ny­myz­da gö­re­şiň nä­hi­li äh­mi­ýe­te eýe bo­lan­dy­gy­ny, hal­ky­my­zyň päl­wan­la­ra nä­hi­li hor­mat-sar­pa goýan­ly­gy­ny aý­dyň gör­ýä­ris.Türk­men mil­li gö­re­şi ta­ry­hyň äh­li dö­wür­le­rin­de halk köp­çü­li­gi ta­ra­pyn­dan söý­lüp­dir. Hut şu se­bäp­li hem gö­reş tut­ýan ady­gan päl­wan­la­ra il için­de uly hor­mat goý­lup­dyr.