«Daşkent» seýilgähi

30 Oktýabr 2022
130

«7/24. tm», № 44 (127), 31.10. 2022

Paý­tag­ty­my­zyň Mag­tym­gu­ly şa­ýo­lu­nyň ug­run­da gur­lan «Daş­kent» se­ýil­gä­hi türk­men we öz­bek halk­la­ry­nyň dost­lu­gy­nyň, ag­zy­bir­li­gi­niň, me­de­ni taý­dan ýa­kyn­ly­gy­nyň öz­bo­luş­ly ny­şa­ny­dyr. 30 müň ine­dör­dül met­re uza­ýan gi­ňiş­lik­de öz­bek paý­tag­ty­nyň gö­zel kün­jek­le­ri­ni «Aş­ga­bat­da jem­le­ýän» des­ga­la­ryň 20-den gow­ra­gy bar. Ola­ryň daş-tö­we­re­gi gür bag­ly­ga bü­re­lip­dir. Se­ýil­gä­hiň gi­rel­ge­sin­de «Ez­gu­lik» bi­na­sy myh­man­la­ra gu­jak aç­ýar. Dost­luk­ly ýurt­da bu bi­na ýag­şy we asyl­ly iş­le­riň ny­şa­ny hök­mün­de ga­ra­lyp, ol Ga­raş­syz­lyk meý­dan­ça­sy­nyň gi­rel­ge­si­ni be­ze­ýär.