«7/24. tm», № 43 (126), 24.10. 2022
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» futbol toparynyň 14-nji tapgyrda myhmançylykda gazanan ýeňşi toparyň taryhyndaky şanly waka öwrüldi. «Energetik» bilen duşuşykda gazanylan ýeňişden soň, «Köpetdag» Ýokary ligada gazanan utuklarynyň sanyny 1000-e tegeledi. 15-nji tapgyrda bolsa «Merw» bilen deňme-deň oýnan paýtagtymyzyň futbol kluby 2-nji müňlüge gadam goýdy.