«7/24. tm», № 42 (125), 17.10. 2022
Ýurdumyzda lukmançylyk ylmyny ösdürmäge uly üns berilýär. Munuň özi lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagyň, ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň hökmany şerti bolup durýar. Halkara bilim gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi hem hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesli terbiýelemäge hyzmat edýär. Bu özygtyýarly Türkmenistanyň ösüşiniň täze taryhy döwründe döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr.