Ertirki maşkyň peýdasy

9 Oktýabr 2022
124

«7/24. tm», № 41 (124), 10.10. 2022

Irden maşk etmek islendik ýaşda peýdalydyr. Çagalar üçin ertirki maşklar gaty möhümdir, sebäbi ol saglygy berkidýär, dürli wiruslaryň we ýokançlaryň gündelik hüjümine garşy durmaga kömek edýär, güýjüňe güýç goşýar, bedeniňi taplaýar, muskul-hereket ulgamynyň işjeňligini artdyrýar. Mundan başga-da, gündelik sport çagalarda soňraky durmuş üçin möhüm bolan käbir häsiýetleri, mysal üçin, erjelligi, göz öňünde tutulan maksada anyk we ynamly ädim ätmegi we möhüm işleri başlap-taşlamazlygy terbiýeleýär.

Toplan Kakamyrat GELDIÝEW,
žurnalist.