Ýaşuly nesilden ýagşy görelde

5 Oktýabr 2022
121

«7/24. tm», № 40 (123), 03.10. 2022

Sporty hemra edinen ynsanlar hemişe juwan bolýar. «Adamyň göwresi garrasa-da, göwni garramaz» diýilýän söz asyl sportsöýer adamlara degişlimikä diýýän. Ine, biziň ýaşy 80-iň bosagasyndaky Aga mugallymymyz hem «ýaşlaryň gujuryna gaýra dur» diýýän kuwwaty, zähmetsöýerligi, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän işjeňligi bilen hemmelere ýagşy görelde bolýar. Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Hyrslan Jumaýew geňeşliginiň ýaşaýjysy, indi birnäçe ýyl bäri Murgap etrabynyň 34-nji orta mekdebinde bedenterbiýe mugallymy bolup zähmet çekýän Aga Orunow diňe bir okuwçylary üçin kesbine berlen halypa bolman, eýsem ol bütin oba adamlary, uly-kiçi üçin sport-bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň ajaýyp netijesiniň bardygyny görkezip gelýär.

Şirin ŞIRLIÝEWA,
žurnalist.