«7/24. tm», № 40 (123), 03.10. 2022
2022-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Kuweýtde futzal boýunça Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berildi. 8-nji oktýabra çenli dowam edýän bu bäsleşigiň toparçalaýyn ýaryşynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem çykyş etdi. 17-nji gezek geçirilýän yklym ýaryşyny Kuweýt döwleti öz taryhynda ilkinji gezek kabul edýär. Şonuň üçin ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigini aýtmak gerek.