«7/24. tm», № 40 (123), 03.10. 2022
Çagalyk ynsanyň geçip barýan ömrüni täsinlikler, başdangeçirmeler, ýatlamalar, wakalar bilen dolduryp, kämillige sary alyp gidýär. Şol geçen günleriň many-mazmuna baý bolsa hemişe ýatlamalara berleniňi duýman galýarsyň. Gulaklar täsin, mahmal seslerden, gözlerimiz çagalyk gahrymanlaryň keşplerinden ganandan soň-a asyl durkuň-düýrmegiň bilen şol tanyş sesleriň, keşpleriň gözleginde bolunýar eken.