Dört pälwan

21 Sentýabr 2022
89

«7/24. tm», № 38 (121), 19.09. 2022

Şatlyk-şowhuny çar ýana ýaň salyp, uludan tutulýan toýlarymyzyň esasy bezegleriniň biri milli türkmen göreşidir. Baýraklary almak ugrunda pälwanlar göreşiň berk goýlan düzgün-kadasyna eýerip, özara bäsleşýärler, şonda ähli gelen märekäniň ünsi olara gönügip, toý şowhuny, gyzygy has-da artýar. Baýrak toý eýesiniň gurbuna görä bolup, barly adamlar ogşuk, ikiýaşar duluç, öküz, tana ýaly uly mallary baýrak hökmünde goýýarlar. Şeýle gymmatly baýraklar goýulýan toýlara ýakyn-alysdan pälwanlar çagyrylýar. Ýurdumyzyň oba-kentlerinde, welaýatlarydyr etraplarynda baýrak goýluşy tapawutly bolsa-da, toý göreşleriniň geçirilişinde umumylyklar köpdür. Göreş geçirmek üçin amatly, gumluk, ýumşak ýer saýlanyp, şonuň daşynda gelen märeke, tomaşaçylar tegelenip oturýarlar, ortada pälwanlara göreşmäge ýer goýulýar. Göreşi guramaçylykly geçirmek, ýeňijileri kesgitlemek üçin il-halk tarapyndan hormatlanýan, göreşden başy çykýan adamlar emin saýlanýar. Eminler ortada göreşiň gidişine ýakyndan gözegçilik edýärler.

Begenç BAÝNEPESOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Baleýşem obasyndaky 86-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.