«7/24. tm», № 37 (120), 12.09. 2022
Russiýanyň çempionatynyň 8-nji tapgyrynda «Torpedo» bilen «Rostowyň» arasyndaky duşuşygyň ahyrynda dartgynly ýagdaý döredi. Duşuşygyň emini «Torpedonyň» derwezesine 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Iň geň ýeri, derwezeçi Ýegor Baburin ilkinji synanyşykda urgyny yzyna gaýtardy. Emin onuň urgudan öňinçä derwezäniň çyzygyndan öňe süýşendigini aýdyp, jerime urgusyny täzeden ýerine ýetirmäge ygtyýar berýär. Emma ýene-de Baburin topy tora girizmän saklaýar. Ýene düzgün bozma hasaba alynýar. Diňe 3-nji synanyşykdan soňra «Rostowyň» oýunçysy Maksim Osipenko topy tora salýar. Jerime urgusyny birinji synanyşykda Ýegor Golenkow, soňra Nikolaý Komliçenko şowsuz ýerine ýetirdi.