Sport. Bilim. Saglyk.

4 Sentýabr 2022
348

«7/24. tm», № 36 (119), 05.09. 2022

Türkmenbaşy etrabynyň 2-nji orta mekdebinde ylym-bilim işgärleriniň arasynda «Ata Watan — rowaçlygyň Diýary» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesliň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy, olaryň bilimli, sagdyn, Watana, halka wepaly nesil bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi barada buýsançly gürrüňler edildi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň parahatlygy, gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşly sözlerini aýtdylar.