Ýol abat – il abat

4 Sentýabr 2022
66

«7/24. tm», № 36 (119), 05.09. 2022

Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Po­li­si­ýa­nyň ýol gö­zeg­çi­li­gi mü­dir­li­gi ta­ra­pyn­dan her ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­ýän «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» at­ly bi­raý­ly­ga ba­dal­ga be­ril­di. Bu dä­be öw­rü­len çä­re my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Bu işe eda­ra-kär­ha­na­lar, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry we beý­le­ki ul­gam­lar bi­len bir ha­tar­da Türk­me­nis­ta­nyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky sport mek­dep­le­rin­iň we sport des­ga­la­ryn­yň hünärmenleri hem iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Ola­ryň gu­ra­ýan da­ba­ra­la­ry bol­sa köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri ta­ra­pyn­dan şöh­le­len­di­ri­lip du­rul­ýar. Şol da­ba­ra­lar­da çy­kyş ed­ýän­ler ýur­du­myz­da ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­mak, ýo­lag­çy­la­ryň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da gür­rüň ber­ýär­ler.